Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň Watany

20 Awgust 2024
106

Galkynyşlar zamanamyzda ýaş nesliň abadan durmuşyny üpjün etmek, sagdyn ruhly we berk bedenli ýaşlaryň kemala gelmegini gazanmak, olaryň başarnyklaryny ösdürmek ugrundaky tutumly işler we aladalar biri-biriniň üstüni ýetirýär. Şeýle hem ýurdumyzda ýaşlaryň nurana ertirlerini berkarar etmäge bagyşlanan halkara maslahatlary, forumlar, döredijilik festiwallary hem yzygiderli geçirilýär. Täze okuw ýylynyň öň ýanynda paýtagtymyzda ilkinji gezek «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň geçirilmegi-de ýurdumyzda çagalaryň mähir-alada bilen gurşalyp alynýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Sebitde şu ugra ýöriteleşen iri sergide ýurdumyzyň kärhanalary we hususyýetçileri tarapyndan öndürilýän ýokary hilli harytlaryň, okuw esbaplarynyň we azyk senagatynyň önümleriniň köpsanlysy görkezildi. Sergidäki ýaş nesle niýetlenilen dürli görnüşli harytlar paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyňdyr myhmanlarynyň, bagtyýar körpe nesilleriň berkarar döwletimize söýgüsini has-da artdyrdy. Görnüşi ýaly, ýurdumyzda çagalar üçin niýetlenilen önümleriň halkara ölçeglerine, ekologik talaplara laýyk gelmegine aýratyn üns berilýär. Bu işleriň kanunçylyk taýdan berkidilmegi-de durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan çagalaryň nurana geljegini üpjün eder.

Gunça MEŞŞEWA,
welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.