Döwrüň derwaýys meselesi

20 Awgust 2024
812

Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere hemişe uly üns bermeginiň netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzda geljekki nesillerimiz üçin ekologiýanyň ajaýyp gözelliklerini gorap saklamakda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, çölleşmä garşy göreşmekde, ähli ulgamlarda ekologiýa  howpsuzlygyny üpjün etmekde alnyp barylýan tutumly işleri munuň aýdyň subutnamalary hökmünde görkezmek bolar.

 Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen tebigatyň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, daşky gurşawyň gözelliklerini  goramak babatda dine bir ýurdumyz boýunça  däl, eýsem, halkara derejede hem  nusga alarlyk  işler amala aşyrylýar. Döwletimiz ekologiýany goramak boýunça toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebitde we dünýäde ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine, howanyň üýtgemegi ýaly häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine öz saldamly goşandyny goşýar. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna  girizilen ösümlikleriň we haýwanlaryň seýrek duş gelýän, ýitip, ýok bolup  barýan görnüşlerini ylmy esasda öwrenmekde, olary köpeltmekde hem-de gorap saklamakda alnyp barylýan işler hem bellenilmäge mynasypdyr.

Soltanbibi Ekezowa,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.