Aşgabatda “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarka açyldy

20 Awgust 2024
84

19-njy awgustda paýtagtymyzda ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy öz işine başlady.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “Türkmen Ekspo” hususy kärhanasy tarapyndan bilelikde guralan giň gerimli gözden geçirilişde çagalar üçin harytlar senagatynda we hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan ýurdumyzyň we Russiýa Federasiýasynyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Germaniýanyň, Portugaliýanyň, Italiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Singapuryň, Hytaýyň, Bahreýniň, Beýik Britaniýanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň hem-de beýleki ýurtlaryň kompaniýalary öz önümlerini görkezdiler.