Ýaşlar hyzmatdaşlygy: röwşen geljege ynamly ädimler

20 Awgust 2024
118

Ýaş nesilleri hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň başarnygyny ösdürmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny» görkezmek bolar. Häzirki wagtda bu möhüm resminamanyň çäklerinde ylym-bilim, sport, şeýle-de halkara hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm ugurlary boýunça ýurdumyzda ýaşlar maslahatlary, iri göwrümli forumlar, döredijilik festiwallarydyr olimpiadalar yzygiderli guralýar. Halkara derejedäki bu çäreler ýaşlar hyzmatdaşlygynyň dünýä bileleşiginiň durnukly, durmuş-ykdysady hem-de ylmy-tehniki ösüşini üpjün etmegiň, şol sanda döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň möhüm şerti bolup durýandygyna güwä geçýär.

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty babatda ygtyýarly edara diýlip kesgitlendi we bu işler has-da kämilleşdirildi. Ministrligiň gurluş birliginde ýaşlar syýasaty bölüminiň işi ýola goýuldy. Häzirki wagtda ulgamda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlaryna, wezipelerine, ýörelgeleridir esasy ugurlaryna laýyklykda netijeli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagy üpjün edilýär. Olarda belent ruhy-ahlak ýörelgeleri kemala getirilýär, watançylyk, ynsanperwerlik hem-de zähmetsöýerlik ýaly asylly häsiýetler terbiýelenýär.

Kaýum AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýaşlar syýasaty bölüminiň baş hünärmeni.