Halk häkimiýetiniň milli nusgasy

19 Awgust 2024
125

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi.

Halk wekilçiligi, onuň gelip çykyşy, taryhy kökleri gadymydyr. Halkymyz ata-babalarymyzyň ýoluny mynasyp dowam etdirip, halk häkimiýetiniň häzirki zaman milli nusgasyny döretdi. Bu ýol dünýä tejribesiniň gazananlaryny, milli däpleri we ýörelgeleri özünde jemledi. Köpasyrlyk taryhyň çeşmelerine, hukuk tejribelerine esaslanyp, türkmen halky adamzat paýhasynyň, dünýä ösüşiniň ýoluny saýlap aldy. Häzirki wagtda döwleti dolandyrmagyň syýasy-hukuk binýady pugtalandyrylýar. Türkmenistanyň kanunçylygynda halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, adatlaryny, durmuş ýörelgelerini özünde jemleýän demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň häzirki zaman nusgasynyň öz beýanyny tapýandygyny görmek bolýar.

Myrat HAITOW,
Türkmenistanyň at gazanan ýuristi, hukuk ylymlarynyň doktory.