Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesiniň guramagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň sport mekdebinde «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýen at bilen wagyz-nesihat çäresi we edara-kärhanalaryň işgärleriniň arasynda küşt we şaşka boýunça ýaryşlar geçirildi.
Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda adamlaryň saglygyny goramak, döwletimizde her bir raýatyň we maşgalanyň bolelin durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmekleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler we şertler barada giňişleýin gürrüň etdiler.