Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bagtly çagalygyň mekanyna öwrülen eziz Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesliň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, ylym-bilimli, terbiýeli, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly aladalary edýärler. Şol aladalar her bir çaganyň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslenýän häzirki tomusky dynç alyş möwsüminde has-da aýdyň ýüze çykýar. Biziň — mekdep okuwçylarynyň dynç alyş günleriniň şadyýan, gyzykly, täsirli geçirmekleri üçin ýurdumyzda hereket edýän döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ähli şert-mümkinçilikler döredilen. Bu merkezlerde çagalar saglyklaryny berkidip, rahat, şadyýan dynç alýarlar, dürli bäsleşiklere, sport ýaryşlaryna gatnaşýarlar. Ýetip gelýän täze okuw ýylyna taýýarlykly, ýokary ruhubelentlikde barmakda dynç alyş günleriniň täsiri örän uludyr.
Biziň okamagymyz, göwnejaý şertlerde dynç almagymyz üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.