Belli rus ýazyjysy Aleksandr Solženisynyň aýaly, ýanýoldaşynyň adyny göterýän gaznanyň başlygy Natalýa Solženisyna «Watan öňündäki hyzmatlary üçin» III derejeli orden bilen sylaglandy. Bu baradaky karara Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin gol çekdi.
«Natalýa Solženisyna «milli medeniýetiň ösmegine, işjeň haýyr-sahawat we jemgyýetçilik işlerine goşan uly goşandy üçin» sylaglandy» diýlip, resminamada bellenilýär. Prezident ýazyjynyň ýanýoldaşyny doglan güni bilen gutlady we Russiýa Federasiýasynda haýyr-sahawat hem-de aň-bilim ýaýradyjylyk däpleriniň ösmegine goşýan goşandyny, rus emigrasiýasynyň taryhyny, ýaşaýyş-durmuşyny we ruhy mirasyny öwrenmäge gyzyklanma döredýändigini belledi. Şeýle hem Natalýanyň durmuşynyň baş wezipesiniň özboluşly eserleri we ynsanperwer pikirleri, şübhesiz, rus medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan Aleksandr Solženisynyň ruhy gymmatlyklaryny goramakdygyny aýtdy.