To­par­la­ýyn oýunlaryň çagalaryň ösüşine täsiri

9 Awgust 2024
118

Ça­ga­lyk ýyl­la­ryn­dan baş­lap sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy ýo­la goý­mak akyl we fi­zi­ki taý­dan sag­dyn ös­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Esa­san hem, to­par­la­ýyn oýun­lar has peý­da­ly bo­lup, oňyn tä­sir­le­ri dö­red­ýär. Hü­när­men­ler çagalaryň ösüşi bi­len bag­ly ge­çi­ren soň­ky bar­lag­la­ryn­da to­par­la­ýyn oýun­la­ryň ça­ga­la­ryň sag­dyn ös­me­gi üçin peý­da­ly­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy­lar. To­par­la­ýyn oýun oý­na­ma­gyň peý­da­ly ta­rap­la­ry:

Özü­ňe bo­lan yna­my art­dyr­ýar. Öňün­de mak­sat go­ýan to­pa­ryň bir bö­le­gi bol­mak, ýol­daş­la­ryň bi­len bi­le­lik­de ýeň­şe ta­rap he­re­ket et­mek özü­ňe bo­lan yna­my art­dyr­ýar. To­pa­ryň ýeň­şi­ne go­şant goş­mak, oýun­da utuk ga­zan­mak hor­ma­ty­ňy art­dy­ryp, min­net­dar­lyk duý­gu­sy­ny güýç­len­dir­ýär. To­par mak­sa­dy­na ýe­ten­de özü­ňi has-da ar­ka­ýyn we ynam­ly duý­ýar­syň.