Iýmit adamzat ýaşaýşy üçin esasy serişde bolup, gök-bakjadyr azyk önümleriniň köp görnüşi ähli ýerde diýen ýaly duş gelýär. Iýmit önümleriniň käbir görnüşi bolsa, belli bir sebitde öndürilmegi bilen tapawutlanyp, dünýäniň iň gymmat tagamlarynyň sanawyny emele getirýär. Seýrek duş gelýän iýmitlere isleg ýokarlandygyça, bahasy hem artýar. Geliň, seýrek duş gelýän, üýtgeşik tagamy bilen köpçüligiň ünsüni özüne çekýän dünýäniň iň gymmat iýmitleri bilen tanyş bolalyň!
Wagýu eti. Dünýäde iň gymmat mal eti hasaplanýan wagýunyň meşhurlygy 2000-nji ýyllardan soň has-da artdy. Uly isleg bildirilýän wagýu eti diňe Ýaponiýada ösdürilip ýetişdirilýän iri şahly mallaryň ýörite tohumyndan alynýar. «Agzyňda eräp gidýär» diýilýän wagýu eti diýseň tagamly bolup, düzüminde köp mukdarda ýag bar. Mal ýörite usullar bilen soýlup, ýagyrnysynyň başlanýan ýerinden – gapyrga süňküniň oňurga birigýän ýerinden alynýar. Muňa başgaça, «kote de boeuf» (gapyrga biftegi) hem diýilýär.