Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky maksatnamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, daş-töweregimizi gurşap alýan tebigaty, ekologiýany gorap saklamak bilen bagly umumadamzat bähbitli asylly işlere mynasyp goşantdyr. Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň häzirki tapgyrynda ählumumy bäsdeşligiň güýçlenmegi, howanyň üýtgemegi, azyk harytlaryna we suwa bolan islegleriň artmagy ýaly emele gelen ýagdaýlar ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhüm ugurlaryny kesgitleýär. Şeýle hem ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň gazanylmagy milli ykdysadyýeti ösdürmegiň esasy düzümleýin bölekleriniň biri bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, demografik we ekologik ýagdaýlarynyň giň toplumyna täsirini ýetirýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde we pugtalandyrmakda ägirt uly işler durmuşa geçirildi, bu ugurda kadalaşdyryjy hukuk namalary halkara standartlaryna laýyklykda kämilleşdirildi. Şeýle-de, «Azyk howpsuzlygy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny döwletiň ykdysady howpsuzlygynyň düzüm bölegi bolup durýan, Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitläp, raýatlaryň peýdaly we talabalaýyk iýmitlenmäge bolan hukugyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny belleýär. Kanunda ýurdumyzyň ilatyny howpsuz oba hojalyk, balyk we beýleki azyk önümleri bilen üpjün etmek, şeýle hem ilat tarapyndan ýaşaýyş üçin wajyp iýmit önümleriniň sarp edilişiniň olary sarp etmegiň rejeli kadalaryna çenli ösmegi Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň strategik maksatlary hökmünde görkezilýär. Içerki önümçiligiň durnuklylygy, şeýle hem iýmit önümleriniň zerur ätiýaçlyklarynyň we gorlarynyň barlygy oňa ýetmegiň kepili bolup çykyş edýär.