Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşyň ähli ugurlarynda uly özgerişleriň amala aşyrylmagy netijesinde ösüşleriň belentliklerine ýetilýär. Ýurdumyzy gurşap alan bu ajaýyp tutumlaryň milli kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen çäreler bilen utgaşdyrylmagy işiň netijeliligine oňyn täsirini ýetirýär. Kabul edilýän kanunlar, kanunçylyk namalaryna girizilýän üýtgetmeler we goşmaçalar kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň, häzirki döwürde ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň aýrylmaz şerti bolup durýar. Olaryň ählisi döwlet ösüşiniň oňyn özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge, türkmen jemgyýetiniň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmaga, demokratik esaslaryny berkitmäge gönükdirilendir. Hususan-da, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz depginli durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen, bazar ykdysadyýetiniň döwrebap usullaryny ornaşdyrmakda durmuş maksatly ykdysady syýasaty amala aşyrmagyň dowam etdirilmelidigini yzygiderli nygtaýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenip taýýarlanylan ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda, 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň amala aşyrylmagy kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär. Berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini gazanmak, ykdysady mümkinçiligini artdyrmak, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak maksatnamanyň esasy maksady bolup durýar.
Döwlet býujetimiz ýurdumyzyň geljekki ykdysady we durmuş ösüşiniň depginlerini kesgitleýär. Ol, ilkinji nobatda, ykdysady ösüşiň durnukly depginleriniň saklanylmagyna, Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine, döwlet çykdajylarynyň ýokary netijeliliginiň üpjün edilmegine hem-de umuman, türkmen halkynyň abadançylygynyň, her bir maşgalanyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.