Sag­dyn dur­muş üçin en­dik­ler

9 Awgust 2024
57

Bi­ler­men­ler kä­bir en­dik­le­riň sag­dyn dur­muşda ýaşamak üçin peý­da­ly­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Gar­ra­ma­gyň gu­tul­gy­syz­dy­gy hem­me­le­re mä­lim­dir. Şeý­le-de bol­sa, kä­bir en­dik­ler ada­myň uzak ýyl­lap sag­dyn ýa­şa­ma­gy­na ýardam edýär. «Na­tu­re» žur­na­lyn­da­ky ma­ka­la­da bu en­dik­ler ba­ra­da bel­le­ni­lip ge­çilip­dir. Ine, şol en­dik­le­riň kä­bi­ri:

Oňyn pikirlenmek. Haý­sy­dyr bir za­dy ýag­şa ýor­mak ýa-da me­se­lä­niň go­wy ta­ra­py­ny gör­mek adam sag­ly­gy­na oňyn tä­sir ed­ýär. Lon­do­nyň Pa­ty­şa­lyk kol­le­ji­niň hü­när­me­ni Ri­çard Sio­wyň pi­ki­ri­ne gö­rä, er­bet zat­la­ryň pi­ki­ri­ni et­mek sag­ly­ga oňaý­syz tä­sir ed­ýär. Oňyn pi­kir­len­mek adamyň gartaşmagy bi­len bag­ly ýü­ze çy­kyp bil­jek ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Bu ýag­daý be­de­niň gan aý­la­ny­şy­nyň hem-de ag­ra­my­nyň ka­da­ly bol­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Er­bet zat­la­ryň pi­ki­ri­ni et­mek gan aý­la­ny­şy art­dy­ryp, ada­myň tiz gar­ra­ma­gy­na ge­tir­ýär.