Ösüş­le­re bes­le­nen di­ýar

9 Awgust 2024
75

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zy äh­li­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär, halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da be­lent sep­git­le­re ýe­til­ýär, aja­ýyp üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­ýar, hal­ky­my­zyň dur­muş de­re­je­si bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ga­za­nan­la­ry­ny has-da ber­kit­mek, ýur­du­my­zy ösü­şiň has ýo­ka­ry de­re­je­le­ri­ne çy­kar­mak üçin äh­li­halk he­re­ke­ti­ni ýaý­baň­lan­dyr­mak, jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy, dur­muş-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer we ka­nun­çy­lyk-hu­kuk ul­gam­la­ryn­da tä­ze sep­git­le­re ýe­tir­mek, iň tä­ze ta­ry­hy­myz­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len dö­re­di­len bu ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra hal­ky­my­zyň ta­ryh­dan öz göz­ba­şy­ny alyp gaýd­ýan mas­la­hat­laş­mak, ge­ňeş et­mek dä­bi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 33 ýyl­lyk to­ýu­nyň toý­lan­ýan döw­rün­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ösüş­le­rin­den gür­rüň et­mek has-da ýa­kym­ly­dyr. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­ne gö­nük­di­ri­len äh­li ma­li­ýe çeş­me­le­ri­niň ha­sa­by­na ma­ýa go­ýum­la­ry öz­leş­dir­me­giň ösüş dep­gin­le­ri has-da ýo­kar­lan­ýar. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň önüm­çi­lik ul­ga­my­na go­ýul­ýan ma­ýa go­ýum­la­ryň yzy­gi­der­li art­dy­ryl­ma­gy ýur­duň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny ber­kid­ýär, mil­li ma­na­dyň ka­da­ly he­re­ke­ti­ni ýo­la goý­ma­ga, im­por­tyň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ýur­du­myz­da ön­dür­mä­ge, eks­por­ty art­dyr­ma­ga, hal­kyň iş bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, her bir maş­ga­la­nyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge ýar­dam ber­ýär. 12-nji iýul­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de şu ýy­lyň 6 aýyn­da dür­li ugur­lar­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň jem­le­ri­ne ga­ral­dy. Ge­çen dö­wür­de je­mi içer­ki önü­miň ösüş dep­gi­ni­niň 6,3 gö­te­ri­me ýe­ti­ril­me­gi, halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ry bo­ýun­ça önüm­çi­li­giň möç­be­ri­niň ösü­şi­niň bel­le­nen çäk­de üp­jün edil­me­gi, önüm­çi­lik we dur­muş mak­sat­ly tä­ze des­ga­la­ryň en­çe­me­si­niň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi üs­tün­lik­li ösü­şiň gör­ke­zi­ji­si­dir.