Mekdep bazarlary begendirýär

6 Awgust 2024
151

Şu aýyň başynda ýurdumyzyň paýtagtynda we ähli welaýatlarynda bolşy ýaly, biziň welaýatymyzyň merkezinde hem mekdep bazarlary öz işine başlady. Göze gelüwli göçme söwda sekilerinde mekdep okuwçylarydyr talyplaryň ýetip gelýän täze okuw ýylyna göwnejaý taýýarlyk görmekleri üçin zerur bolan okuw esbaplarynyň, kanselýariýa harytlarynyň, okuw eginbaşlarynyň köp görnüşleri bar. Mekdep bazarlaryna çykarylan harytlaryň aglabasynyň öz ýurdumyzyň önüm öndürijileri, hususy we döwlet kärhanalary tarapyndan öndürilýändigi aýratyn guwandyryjydyr. Türkmen telekeçileriniň dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleri bolan okuw esbaplary, kanselýariýa harytlary, okuwçy torbalary, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilen mekdep eşikleri, oglanlar üçin penjekler we galstuklar, gyzlar üçin ýaşyl reňkli köýnekler we ak öňlükler, şeýle hem türkmen milli başgaby — tahýalar hormatly Prezidentimiziň halkymyzy ýerli önümler bilen üpjün etmek baradaky tabşyryklarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýaňy-ýakynda işläp başlandygyna garamazdan, mekdep bazarlarynda hereketlilik günsaýyn gyzyşýar. Olarda alyjylara hödürlenýän harytlaryň bolçulygy gözüňi dokundyrýar. Aýratynam, hossarlary bilen bu ýere gelýän mekdep ýaşly oglan-gyzjagazlar harytlaryň köpdürlüliginden örän hoşal. Döwrümiziň bagtyýar nesilleri üçin niýetlenip, elýeterli bahalardan satylýan ajaýyp harytlar we bu bazarlara mahsus bolan göwün göteriji söwdalar ýaşuly nesliň wekillerini has-da guwandyrýar.

Ýörite habarçymyz.
SURATLARDA: mekdep bazaryndan görnüşler. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.