Görkezijiler ýokarlanýar

6 Awgust 2024
213

Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde ýerleşýän keramzit zawodynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň birinji ýarymy ýokary önümçilik görkezijilerine beslendi. Ýurdumyz üçin zerur bolan, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk serişdelerini öndürmek babatyndaky tagallalara saldamly goşant goşýan zawodda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda 6 million 566 müň manatlykdan gowrak keramzit öndürildi. Bu görkeziji, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 102,19 göterim ösüşiň üpjün edilendigini aňladýar. Şol döwürde kärhanada öndürilen keramzidiň müňlerçe kub metri sarp edijilere bökdençsiz ýetirildi.

Ýurdumyzyň baý çig mal gorlary kärhanada ýylyň başyndan bäri keramzidiň önümçiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Önümçilik bölümlerinde ornaşdyrylan kämil tehnologiýalar çig maly gaýtadan işlemekde we gurluşyk senagaty üçin ýokary hilli, islegli önümleri öndürmäge şert döretdi. Kärhananyň hünärmenleri özleri üçin döredilen şertlerdir mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna zähmet üstünlikleri bilen barýarlar.