Ätiýaçlandyryş hyzmatlary ösüş ýolunda

4 Awgust 2024
113

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ilatyna edilýän hyzmatlaryň hilini, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, döwletimiziň ähli edara-kärhanalarynda we guramalarynda işler guramaçylykly alnyp barylýar.

1992-nji ýylyň 18-nji awgustynda ykdysady subýektleriň maliýe ýagdaýyny has-da pugtalandyrmak, ilatyň hem-de hojalyk işleri bilen meşgullanýan şahslaryň dünýä derejesinde ýola goýlan ätiýaçlandyrma hyzmatlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak maksady bilen döredilen Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hem ilata aňrybaş hyzmatlaryny hödürläp gelýär. Adyndan hem belli bolşy ýaly, guramanyň esasy wezipesi döwletimiziň ätiýaçlandyryş syýasatyny durmuşa geçirmek, fiziki we ýuridiki şahslaryň emläk, şahsy we jogapkärçilik bähbitlerini ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmekden ybarat bolup durýar.

Eziz Atabaýew,
Sarahs etrap döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň hünärmeni.