“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy dost-doganlygyň mekanydyr. Munuň şeýledigine bu gözel künjekde dürli döwletlerden wekilleriň gatnaşmagynda ýylyň-ýylyna geçirilýän festiwallardyr forumlaryň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň häzirki şanly günlerinde deňiz kenarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde “Awaza — dostluk mekany” atly medeni-köpçülikleýin we sport çäreleriniň ýaýbaňlandyrylmagy has-da guwandyrýar.
Giň göwrümli çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan ýurdumyzyň dürli künjeginden bolan çagalaryň, paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde bilim-terbiýe alýan çagalaryň, şeýle-de şu ýylyň ýazynda Arkadag şäherinde geçen mekdep okuwçylarynyň arasyndaky halkara matematika olimpiadasynda ýeňiji bolan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylarynyň gatnaşýandygy buýsanç bilen agzalmaga mynasypdyr.