Yssy günlerde adam bedeniniň suwuklyga bolan islegi has-da artýar. Köpimiz suwsuzlygymyzy gandyrmak üçin gazlandyrylan ýa-da reňkli içimlikleri içýäris. Emma munuň zyýanly taraplaryny hem göz öňünde tutmaly. Sebäbi gazlandyrylan içimlikleriň köp içilmegi agramyň artmagyna ýa-da aşgazan bilen bagly meseleleriň döremegine getirýär. Şonuň üçin tebigy içimlikleri saýlamaly. Bu içimlikleri siz öý aşhanasynda gysga wagtda taýýarlap bilersiňiz.
Şetdaly çaýy. Orta ululykdaky 2 sany şetdalyny ýarym käse kişmiş bilen bilelikde 2 bulgur suw goşup gaýnatmaly. Taýýar bolan goýy suwuklygy süzgüçde süzüp, üstüne 1 bulgur gök çaý we 4 bulgur suw goşmaly. Az salym sowadyjyda saklanandan soň şetdaly çaýyny içip bilersiňiz. Bu içimlik witaminlere we minerallara baý bolup, deri, göz we ganazlyk üçin peýdaly. Şeýle hem ýürek-damar ulgamyny berkidip, aşgazan-içege ýetmezçilikleriniň öňüni almaga ýardam edýär. Şetdaly demre baý miweleriň biridir.