Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden hyýalyňa gelýän setirler dünýä akyldarlarynyň, alymlarynyň ruhy mirasynyň gymmatynyň näderejede ýokarydygyny ykrar edýär. Şahyryň goşgularynda öz döwrüne çenli ýaşap geçen belli şahsyýetleriň döredijiligine ýüzlenilýär, akyldarlaryň gymmatly hazynasyna okyjynyň ünsi çekilýär. Şeýlelikde, türkmen diliniň söz baýlygynyň many öwüşginliligine, sözüň asylky manysynyň akyldarlaryň döredijiliginde şol bir manysyny saklap galandygyna göz ýetirmek mümkin. Gadymy Gündogaryň ussat filosofy, alym akyldary Omar Haýýamda şeýle setirler bar:
Meniň tarapymdan Haýýama salam,