Abu-Dabiniň ýaşaýjylary we myhmanlary Emirligiň hemme ýerinde gurlan rewersiw enjamlar (RVM) arkaly gaýtadan işlemek üçin plastik çüýşeleri tabşyryp, ýeňillikleri we bonuslary alyp bilerler. Birleşen Arap Emirlikleriniň ýaşaýjylarynyň arasynda galyndylary oýlanyşykly ulanmagy höweslendirmek maksady bilen, «Tadweer Group» kompaniýasy tarapyndan seýilgählerde, hökümet binalarynda we Abu-Dabi howa menzilinde 25 sany RVM oturdyldy.
RVM – bu plastik çüýşeleri we alýumin gaplary gaýtadan işlemegiň amatly usuly bolup, 2030-njy ýyla çenli şeýle galyndylary 80 göterim azaltmaga ýardam berer. Her bir plastik çüýşe ýa-da alýumin gap üçin kredit berilýär. Soň bolsa bu kreditleri dürli söwda hyzmatdaşlaryndan baýrak almak üçin çalşyp bolar. Häzirki maksatnamanyň arasynda «Noon.com», «Amazon», «Lufthansa», «Gourmet Lab», «Max», «Less for Marks», «Filli», «Emax», «Dreamworks Spa» we başgalar bar.