Hytaý özüniň «International Lunar Research Station» (ILRS) Aý stansiýasynyň çägindäki hyzmatdaşlyga 50 ýurdy çekmegi meýilleşdirýär. Bu barada «SpaceNews» web saýty habar berýär.
– Biz ähli ýurtlar, şol sanda, global Günorta, ösýän BRICS ýurtlary, şeýle hem Günbatar ýurtlary bilen halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak isleýäris – diýip, Hytaýyň Aý gözleg maksatnamasynyň baş konstruktory Wu Weýren, «China Global Television Network» (CGTN) teleýaýlymy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.