Her kim bilip goýsa ýagşy

1 Awgust 2024
166

Ýangyn hadysasy dörände, her bir raýatyň bilip goýaýmaly zerurlyklary bardyr.  Häzirki wagtda ýangyn söndüriji toparyna jaň etmek meselesi hemmeler üçin elýeterlidir. Jaýlardadyr desgalarda ýangyn dörän halatynda, raýatlar, ilki bilen, Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugyna telefon arkaly 01 belgä ýa-da öýjükli telefondan 001 belgä habar bermeli.

Habar berlende, ilki bilen, ýangynyň dörän ýeri, nämäniň ýanýandygy baradaky anyk maglumaty, soňra öz adyny, telefon belgisini, salgysyny habar bermeli. Ýangyn barada daş-töwerege habar berip, jaýyň içinde galan adamlary halas ediş işlerine başardygyňdan kömek bermeli. Munuň üçin islendik serişdeden peýdalanmak ýeterlikdir. Ýangyn söndürijiler gelýänçä, ýangynyň ýaýramagyna päsgelçilik döretmek maksady bilen, jaýyň gapysyny, penjiresini berk ýapmaga synanyşmaly. Ýangynyň howply ýerlerinden egilip geçmeli. Dem almagy ýeňilleşdirmek üçin islendik esgini ölläp, onuň bilen agzyňy, burnuňy ýapyp, dem alyş ýollaryny goramaly.

Meýlis ÖWEZGELDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň bölüm müdiri, içerki gullugyň kapitany.