AZYK HOWPSUZLYGY – DÖWRÜŇ TALABY

31 Iýul 2024
116

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, degişli ugurda iň gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine we ornaşdyrylmagyna, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen obasenagat toplumyny durnukly ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürilýär.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň wekilleri we BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy «Hemra suratlarynyň we geografik maglumat ulgamlarynyň kömegi bilen öri meýdanlarynyň monitoring ulgamyny gowulandyrmak», «Balyk gorlaryna baha bermek we gözegçilik etmek» ýaly başlangyçlaryň çäklerinde Türkmenistana tehniki taýdan kömek bermäge meýillidigini mälim etdiler.

Gurbansoltan REJEPOWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.