Gülüň owadan — ömrüň owadan!

31 Iýul 2024
138

Düýn paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde guramaklarynda çeper elli, zähmetsöýer zenanlaryň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşige Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, şeýle-de welaýatlaryň keçe taýýarlamakda ýokary ussatlygy görkezen zenanlary gatnaşdylar.

Bäsleşik öýlerimiziň bezegi bolan türkmeniň milli keçesiniň ajaýyp nusgalarynyň taýýarlanyş usullaryny açyp görkezmek arkaly, gelin-gyzlarymyzda türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemekde, milli gymmatlyklarymyza, ene-mamalarymyzdan galan ajaýyp el işlerine bolan höwesi artdyrmakda aýratyn ähmiýetlidir. Bäsleşigiň şertlerine görä, zenanlar keçäni taýýarlamak bilen baglanyşykly işleri, ýagny ýüň daramak, boýamak, pişge ýasamak, keçäniň gamşyny dokamak ýaly işleri ýerine ýetirdiler. Mundan başga-da, zenanlaryň gadymy keçe nagyşlaryny, «ak tüýnük», «gyzyl tüýnük», «saýlan», «gözenek», «gülýaýdy» we başga-da birnäçe nagyşlary salyp, keçe güllemekde görkezen ussatlyklary bäsleşigiň baý many-mazmuna eýe bolmagyna getirdi.

Ýörite habarçymyz.