Aýgytly günleriň aladalary

31 Iýul 2024
178

Pagtaçy daýhanlar awgust aýyny gowaçalara hyzmat etmekde iň aýgytly, derwaýys döwür hasaplaýarlar. Çünki olar bu döwürde amala aşyrylan her bir çäräniň atyzlarda emele gelýän hasyla hasyl goşup, güýzde harmanlaryň has belent bolmagyna ýardam berýändigini öz tejribelerinden oňat bilýärler. Şonda hatar aralary ýumşadylyp, kadaly iýmitlendirilip, endigan suw berlen gowaça düýpleri gül-gunça, doluşan köreklere basyrynyp, munuň şeýle bolmagyny üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagynyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, pagtaçylygy ösdürmek baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmaga çalyşýan welaýatymyzyň kärendeçileri, daýhan hojalyklarynyň agzalary, mehanizatorlary şu günleriň gymmatly pursatlaryny gowaçaly meýdanlarda geçirmek bilen, ýadawsyz zähmetiň nusga bolarlyk göreldesini görkezýärler. Şeýlelikde, olaryň agzybirlikli, yhlasly aladalary bilen gurşalan ekinleriň ösmegine, hasyl toplamagyna ýol açylýar. Bu bolsa welaýatymyzyň zähmetsöýer babadaýhanlarynyň häzirki dowam edýän, şan-şöhrata beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 140 müň gektar meýdanda «ak altynyň» bereketli hasylyny ýetişdirip, ata Watanymyzyň belent harmanyna mynasyp goşant goşjakdyklarynyň alamatydyr.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».