Sagdyn durmuş — ýörelgämiz

31 Iýul 2024
169

Ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine, halkara abraýynyň has-da belende göterilmegine, jemgyýetimiziň berkemegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilip amala aşyrylýan işler halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli ajaýyp işleri, döwletli başlangyçlary netijesinde eziz Diýarymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar.

Beýik ösüş-özgerişliklere beslenýän ajaýyp zamanamyzda geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleri jemgyýetimize peýdaly, ylym-bilimli, arassa ahlakly adamlar edip terbiýeläp ýetişdirmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu wezipäni üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak bolsa, her birimiziň asylly zähmetimize bagly. Jemgyýetimizde berk bedenli, sagdyn ruhly ýaşlary kemala getirmek, ýaş nesilleriň ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak maksady bilen, halk köpçüliginiň we ýaşlaryň arasynda düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär. Ýaşlara ýurdumyzyň ösüşleri, olaryň döwrebap bilim almaklary we döredijilikli işlemekleri üçin döredilýän şert-mümkinçilikler barada giňişleýin gürrüň berilýär.

Meretdurdy KITÇIMOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni.