Adam hukuklarynyň goraglylygy: kämil raýat jemgyýetini gurmagyň ýolunda

31 Iýul 2024
156

Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dünýä jemgyýetçiliginiň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça tagallalaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde subut edip gelýär. Bitarap döwletimiz BMG-niň birnäçe möhüm konwensiýalaryna goşulmak bilen, bütin dünýäde halkara borçnamalaryna ygrarly we olary gyşarnyksyz ýerine ýetirýän ýurt hökmünde tanalýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda döredilen, adam hukuklary boýunça garaşsyz edara bolup durýan Adalatçynyň diwany hem ýurdumyzda adam hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmekde yzygiderli işleri alyp barýar.

Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň ýörelgeleri bütin dünýäde adam hukuklaryny üpjün etmek, goramak we ilerletmek üçin esas bolup çykyş edýär. Ýurdumyz Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden bu resminama ygrarlydygyny subut etmek bilen, onuň kadalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi babatda giň gerimli işleri amala aşyrýar. Türkmenistan döwlet syýasatynda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegine ýurtda ilatyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen demokratik özgertmeleriň esasy görkezijisi hökmünde garaýar.

Ýazdursun GURBANNAZAROWA,
Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy.