Litiý üpjünçiligi boýunça şertnama baglaşyldy

26 Iýul 2024
97

Serbiýanyň hökümeti we Ýewropa Bileleşigi akkumulýatorlar üçin materiallar bilen üpjün etmek barada şertnama baglaşdy. Belgradda geçirilen strategiki çig mallar boýunça sammitiň çäginde Serbiýanyň magdan senagaty we energetika ministri Dubrawka Jedowiç- Handanowiçiň we Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Maroş Şefçowiçiň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekildi. Jemleýji resminamanyň gol çekilmegine gatnaşan Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols: – Bu şertnamanyň baglaşylmagy Ýewropanyň garaşsyzlygyny goramaga, batareýalaryň we elektroulaglaryň önümçiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döreder – diýip belledi. Şu ýylyň iýul aýynyň başynda Serbiýanyň konstitusiýa kazyýeti Ýewropanyň iň uly litiý ýatagy bolan günbatar Ýadar jülgesinde 2,4 milliard dollarlyk magdan taslamasyny togtatmak baradaky karary ýatyrdy. Çünki 2021-nji ýylda Ýadarda magdan känini özleşdirmek meýilnamasy Belgradda uly ekologiýa nägileligini döredipdi. Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç «Handelsblatt » gazetine beren interwýusynda Belgradyň Germaniýa we Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikde Ýewropanyň iň uly litiý ýatagyny özleşdirjekdigini aýtdy. Ol bu taslama bilen Serbiýanyň ykdysadyýetini ösdürmek we ýurduň Ýewropa Bileleşigine goşulyşmagyny çaltlandyrmak baradaky uly umytlary baglanyşdyrdy. – Biz her ýylda 58 müň tonna litiý öndürip bileris. Bu 1,1 million elektroulagy öndürmek üçin ýeterlikdir. Şeýlelikde, Ýewropa bazarynyň, takmynan, 17 göterimini üpjün edip bileris – diýip, Aleksandr Wuçiç belledi. Ol elektroulag batareýalarynyň önümçiligini ýola goýmagy we litiniň diňe belli bir bölegini çig mal görnüşinde eksport etmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Maroş Şefçowiç öz gezeginde: – Serbiýanyň litiý gazyp almakdan başlap, elektroulag önümçiligine çenli doly üpjünçilik zynjyry bolan Ýewropa Bileleşigine agza ilkinji ýurt bolup biler – diýip belledi. Häzirki wagtda Hytaý Ýewropa Bileleşiginiň litiý üpjünçiligi bazarynda aýratyn orun eýeleýär. Litiý- ion batareýalaryna isleg artýar Ýeňil metal bolan litiý – elektroulaglaryň batareýalaryny öndürmek üçin esasy komponentdir. Şonuň üçin soňky ýyllarda dünýä jemgyýetçiliginiň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçiş depginini iki esse artdyrmagy sebäpli oňa bolan isleg has-da artdy. Hünärmenler 2030-njy ýyla çenli täze awtoulag satuwynyň 60 göteriminiň litiý- ion batareýaly boljakdygyny çaklaýarlar. Mysal üçin, «Tesla Model S» ulagynyň batareýasyny öndürmek üçin, takmynan, 12 kilogram litiý gerek. Häzirki wagtda awtoulag öndürijiler Gündogar Aziýadan litiý üpjün edijilerine garaşly. Hytaý bu sanawda, elektroulaglaryň global batareýa üpjünçilik zynjyrynda aýratyn orun eýeleýär. Häzir dünýädäki litiý- ion batareýasynyň önümçiliginiň 79 göterimi Hytaýyň paýyna düşýär. Häzirki wagtda Beýik Britaniýada gurulýan litini gaýtadan işleýän zawod 2027-nji ýylda işe giriziler we ýylda 50 müň tonna litiý öndürmegine garaşylýar. Maglumatlara görä, litini gaýtadan işleýän zawod 1 million elektroulagy batareýa bilen üpjün eder. Beýik Britaniýada gurulýan bu desga Ýewropada litini gaýtadan işleýän ilkinji zawoddyr. Ozal habar berlişi ýaly, Beýik Britaniýanyň hökümeti «Green Lithium »-a Tissaý şäherinde litini gaýtadan işleýän zawoBalerina meňzeş gökdirän gurlar Albaniýanyň paýtagty Tiranada «Bond Tower » atly özboluşly binany gurmak meýilleşdirilýär. Portugaliýanyň OODA studiýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan bu bina balet tansynyň hereketini ýada salýan üýtgeşik görnüşe eýe bolar. «Bond Tower »-iň daşky görnüşi bir gurluşa birigýän iki diňden ybarat. 50 gatly bolmagyna garaşylýan toplumyň takyk beýikligi entek kesgitlenmedi. Taslama düzülende adaty alban halylaryndan, şeýle hem ýurduň daglaryndan we obalaryndan ylham alnypdyr. Binanyň nagyşly fasady, toplumlaýyn ýaşyl giňişlikleri we üçekdäki eýwany binagärlik bilen tebigatyň sazlaşykly utgaşmasyny döreder. Aşaky gatlarda söwda merkezleri we ofis üçin otaglar, olardan ýokarda bolsa myhmanhana bolar. Ýokarky gatlar balkonly öýler üçin niýetlenen. Özboluşly dizaýny bolany üçin, «Bond Tower » haýbatly ululygyna garamazdan kaşaň görünýär. Häzirki wagtda binanyň gurluşygyna başlandy, ýöne onuň tamamlanjak senesi belli edilmedi. dy gurmaga rugsat berdi. Bu zawodyň britan we Ýewropa awtoulag öndürijileriniň isleglerini kanagatlandyrjakdygy habar berilýär.