Täsirli duşuşyk

23 Iýul 2024
130

Gökdere jülgesindäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde Ahal welaýat kitaphanasynyň guramagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän bagtyýar çagalar uly höwes bilen gatnaşdylar.

Welaýat kitaphanasynyň meýilnamasy esasynda geçen duşuşykda agzalan kitaphananyň kitap gaznasynda saklanýan çagalar edebiýatlary, dürli ertekili neşirler barada ýaş nesle täsirli gürrüň berildi. Türkmen halk ertekileri we olaryň terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda aýdyldy.

Ogulmiwe BAÝRAMOWA,
Ahal welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy.