Angliýada Sautgeýtiň döwri tamamlandy

19 Iýul 2024
177

Futbol boýunça 17-nji Ýewropa çempionatynyň finalynda Ispaniýadan utulan Angliýanyň ýygyndysynyň tälimçisi Garet Sautgeýt wezipesini taşlady. Ol 8 ýyldan bäri topara tälim berip gelýärdi. Angliýanyň ýygyndysy onuň ýolbaşçylygynda Ýewropa çempionatynda 2 gezek finala çykdy. Ýöne 2-sinde hem ýeňlişe sezewar boldy. EURO 2020-de Londonda penaltileriň netijesinde Italiýadan asgyn gelen iňlisler EURO 2024-iň finalynda Berlinde Ispaniýadan 2–1 hasabynda ýeňildi. Angliýanyň ýygyndysy Sautgeýtiň tälimçiliginde Dünýä Kubogynda – 2018-nji ýylda ýarym finala, 2022-nji ýylda çärýek finala çykdy. Sautgeýt Angliýanyň ýygyndysyna 102 duşuşykda tälimçilik edip, ol 64 oýunda ýeňiş gazandy. 18 oýunda- da utulyp, 20 duşuşykda deňme- deň netije görkezdi. Ol Angliýanyň ýygyndysynda 100-den gowrak oýunda tälimçi bolan 3-nji şahsyýetdir. Garet Sautgeýtiň ornuna Anž Postekoglu, Grem Potter, Mauriso Poçettino, Eddi How, Tomas Tuhel, hatda Ýurgen Klopp ýaly belli tälimçileriň atlary agzalýar.