«M. Ýunaýted » ýaş hüjümçini transfer etdi

19 Iýul 2024
236

Angliýanyň «Mançester Ýunaýted » topary geçen möwsümde «Serie A»-ny 5-nji orunda tamamlan «Bolonýanyň » ýaş hüjümçisi Joşua Zirkzeni transfer etdi. Iňlis kluby niderland oýunçynyň transfer tölegi hökmünde italýan klubuna 42,5 million ýewro berer. Mankunianlar 21 ýaşyndaky hüjümçi bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. «Bolonýa » topary professional karýerasyna «Bawariýada » başlan Zirkzeniň transferinden gazanylan puluň 50 göterimini münhenlilere berer. Zirkze «Bolonýanyň » düzüminde «Serie A»- da 53 oýunda 13 gol geçirdi. Italiýanyň çempionaty «Serie A»-da 21 ýyldan soň çykyş etjek «Komo » topary ispaniýaly meşhur derwezeçi Hoze Pepe Reinany transfer etdi. Geçen möwsümi «Wilýarrealda » geçiren 41 ýaşyndaky Reina italýan kluby bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Reina mundan öň «Serie A»- da «Napoli », «Milan » hem-de «Lasio » klublarynyň hem köýnekçesini geýipdi. «Komo » topary Reinadan ozal, «Romadan » Andrea Bellottini hem transfer edipdi. Portugaliýanyň «Benfika » topary Niderlandlaryň «AZ Alkmaar » toparynyň gresiýaly hüjümçisi Wangelis Pawlidisi düzümine goşdy. Portugal kluby 25 ýaşyndaky hüjümçi bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Pawlidisiň transferi üçin lissabonlylar AZ toparyna 18+2 million ýewro tölär. Pawlidis geçen möwsümde 46 oýunda 33 gol geçirdi. Londonyň «West Ham» topary ýurduň başga bir topary «Wulwerhemptondan » Maks Kilmeni 40 million funt sterlinge transfer etdi. «West Ham» topary 27 ýaşyndaky goragçy bilen 7 ýyllyk şertnama baglaşdy. Kilmen «Wulwerhemptonda » 5 möwsüm çykyş etdi.