Tomus şadyýanlygy artýar

17 Iýul 2024
248

Çaga terbiýesinde gurjak oýunlarynyň ähmiýeti uludyr. Çünki gurjaklar bilen sahnalaşdyrylan eserler çaga kalbyna ýakymly täsir edýär. Şeýle-de ertekileriň gurjaklar, haýwanlaryň şekilleri arkaly görkezilmegi körpeleriň ýatkeşligini we göz öňüne getirme, pikir ýöretmek endiklerini ösdürýär hem-de olary dostluk, ýoldaşlyk ruhunda terbiýelemäge kömek edýär. Bu ugurdaky işlerde Dänew etrabynyň Seýdi şäher medeniýet öýüniň işgärleri-de aýratyn işjeňlik görkezýärler.

Olar tomus günlerinde etrabyň çagalar baglarynda gurjak oýunlaryny gurap, körpeleriň wagtlaryny şadyýanlyga besleýärler. Halypa medeniýet işgäri Agamyrat Hudaýarowyň ýolbaşçylygyndaky döredijilik toparynyň agzalary türkmen halk ertekilerini sahnalaşdyryp, ýygy-ýygydan körpeleriň arasynda çykyş edýärler. Olaryň «Kör garga», «It we horaz», «Pakyrdawuk patyşa», «Böwenjik», «Hudaýberdi gorkak» ýaly ertekiler esasynda sahnalaşdyran oýunlary körpeleriň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Ýaş artistler Faruh Zakirow, Aýna Nuryýewa, Dursun Jumanazarowa dagy diňe çagalar bagyna gatnaýan körpeleriň arasynda däl, eýsem, mekdep okuwçylary üçin hem gurjak oýunlaryny sahnalaşdyrmak ugrunda döredijilikli işleýärler. Olaryň sahnalaşdyran «Tilkiniň mekirligi», «Akpamyk», «Şalgam» ýaly gurjak oýunlary mekdep okuwçylarynyň dynç alşynyň täsirli geçmegini gazanmakda uly ähmiýete eýedir. Bagtyýar körpeler we zähmetsöýer ýaşlar özleri hakynda hossarlyk alada edýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarlar.