Halkymyzyň guwanjy we buýsanjy

17 Iýul 2024
172

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik sungaty babatdaky ýiti zehininden dörän Arkadag şäheri gurýan, döredýän we röwşen geljege ynamly barýan bagtyýar halkymyzyň abraý-mertebesini has-da belende göterdi. Häzirki döwürde ol berkarar Watanymyzyň beýik ösüşleriniň dabaralanmasy bolup, halkara jemgyýetçiligiň belent ykrarnamasyna eýe bolýar.

«Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheri dünýä nusgalyk döwrebap şäherdir. Ol biziň guwanjymyzdyr, buýsanjymyzdyr. Sebitde iri taslamalaryň biri bolan bu ajaýyp şäher ýaşamak üçin iň oňat şertleri özünde jemleýär. Arhitektura taýdan özara sazlaşýan, häzirki zaman talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň we beýleki möhüm desgalaryň döwrebaplygy, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen iň ýokary derejede üpjün edilmegi şäheriň esasy aýratynlyklarydyr.

Mämmet BATYROW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.