Futbol janköýeri

9 Iýul 2024
214

Maý aýynyň ilkinji günlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä futbol gününi döredendigi baradaky habaryň ýaýran wagty bu wakanyň kalbynda şatlyk döreden adamlarynyň hatarynda bardygym üçin galama ýapyşman bilmedim. Resmi maglumatlara salgylansaň, dünýä ýüzünde futbol bilen meşgullanýan we oňa tomaşa edýän adamlaryň sany 5,5 milliarddan hem geçýär. Munuň özi dünýäde her ikinji adamyň bu täsin oýnuň täsirini duýup ýaşaýandygyny görkezýär. Şol täsir hakda gürrüň etmek üçin janköýer bolmak gerek. Çünki janköýer diňe bir futbola tomaşa edip oňanok. Ol futbol bilen ýaşaýar. Ony hemişelik hemrasyna öwürýär. Diýmek, söýýär. Söýgi hem hil-hil bolýar.

Durmuşa söýgi, Watana söýgi, ene-ata söýgi, perzende söýgi... Bu sanawyň soňuna tükeniksizlik alamatyny goýsaň gowy. Eger şeýtsek, şu ýerde «ertekimiz» tamam bolar. Emma biz ony tamamlamak üçin başlanam bolsak, sözümizi garaşylyşyndan ir jemlemegi nazara almandyk. Çünki söhbedimiz başlanýan ýeri bolsa-da, gutarýan ýeri ýok hasap edilýän futbola söýgi barada bolansoň, Bütindünýä futbol güni mynasybetli okyjylara, şol sanda janköýer kärdeşlerimize içimizi dökmek isledik.

Hojaberdi APBAÝEW,
žurnalist.