Kim çalasyn?!

8 Iýul 2024
288

Şeýle at bilen Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesinde ýerleşýän “Ýaşyl ýaýla” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde dynç alýan kiçi ýaşly çagalaryň arasynda sport ýaryşy geçirildi. Hereketli oýunlar boýunça geçirilen ýaryşda ýaş nesliň sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmegini gazanmak we sporta höweslerini artdyrmak maksat edinildi.

Örän gyzykly we çekeleşikli geçen ýaryşyň esasy duşuşygynda “Abiwerd” we “Galkan” toparlary özara bäsleşdiler. Uly gyzyklanma eýe bolan duşuşykda “Abiwerd” topary üstün çykdy. Şeýlelikde, “Abiwerd” topary birinji, “Galkan” topary ikinji, “Güneş” topary üçünji orny eýeledi. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat we Kaka etrap Geňeşleriniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Oguloraz NYÝAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň umumy bölüminiň esasy hünärmeni.