«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Halkymyz dünýä jemgyýetçiliginiň taryhynda uly yz galdyrypdyr. Ata-babalarymyz ýaşaýyş-durmuş şertlerine görä, milli ýörelgeleri, däp-dessurlary, edim-gylymlary bilen birlikde dürli oýunlary-da döredip, soňky nesillere miras goýupdyrlar. Nesil terbiýesinde milli oýunlara uly ähmiýet berilýär. Türkmeniň milli oýunlary ýaşlarda we çagalarda berk bedenliligi, sagdynlygy, çalasynlygy terbiýeläpdir. Olar ýaşlara durmuşda özüňi ýerlikli alyp barmagy, her hili päsgelçilikden baş alyp çykmagy öwredipdir. Hut şol sebäpli milli oýunlar ýaşlar üçin terbiýe mekdebi hasaplanypdyr. Türkmen milli oýunlarynyň hem-de sport güýmenjeleriniň aýry-aýry görnüşleri häzirki günlerde resmi sport görnüşleriniň derejesine eýe boldy. Şolar boýunça milli ýaryşlar hem-de halkara çempionatlar geçirilýär.