Günorta Amerika yklymynyň futbol çempionaty bolan Kopa Amerika ýaryşynda toparçadaky duşuşyklar ýokary depginde dowam edýär. 1-nji aýlawyň duşuşyklary tamamlanyp, 2-nji aýlawyň hem deň ýarysy oýnaldy.
«A» toparçada Argentinanyň ýygyndysy ilkinji 2 duşuşygynda-da ýeňiş gazandy. Kanadany Hulien Alwares hem-de Lautara Martinesiň gollary bilen ýeňen Argentina 2-nji duşuşygynda Çilini ýene-de Martinesiň ýeke-täk topy esasynda utdy. Lautara Martines 2 duşuşykda-da 88-nji minutda tapawutlandy. Kanadanyň ýygyndysy Perunyň ýygyndysyny Jonatan Dewidiň ýeke-täk goly bilen 1–0 hasabynda utdy.