Gurban baýramy mynasybetli

16 Iýun 2024
245

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde yslam dünýäsiniň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramyna bagyşlanyp, tegelek stol gepleşigi geçirildi. Aşgabat teleýaýlymynyň alypbaryjysy Gülälek Berdiýewanyň alyp barmagynda guralan gepleşige «Türkmenstandartlar» baş döwlet gullugynyň maliýe-ykdysady bölüminiň baş hünärmeni, ykdysatçysy Gülsün Saparowa, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Biznes reklama» gazetiniň öz habarçysy Bägül Berdiýewa, Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň hünärmeni Gözel Baýnepesowa dagy gatnaşdylar.

Gepleşigiň dowamynda ýurdumyzda mübärek Gurban baýramynyň giňden bellenilip geçilýän günlerinde bu baýramyň döreýiş taryhy, yslam dünýäsindäki orny, musulman halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň arasynda bellenilip geçilişi, bu baýramda ýerine ýetirilýän däp-dessurlar, adatlar, ýörelgeler, halkymyzyň bu baýrama aýratyn ähmiýet bermeginiň sebäpleri, türkmeniň gadym döwürden gözbaş alýan ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan adatlarynyň baýram bilen baglanyşykly ynançlara siňdirilmegi, Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza, ýol-ýörelgelerimize aýratyn üns berilýändigiwe olary berjaý etmäge giň mümkinçilikleriň döredilendigi dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toýdur baýramlara beslenýän günlerinde milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň, edebiýatymyzyň dünýä möçberinde dabaralanmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Sedarymyzyň adyna alkyş sözleri beýan edildi. Musulman halklarynyň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramy mynasybetli Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize, baýram destarhanynyň başyna jem bolan agzybir türkmen halkyna aýdylan gutlag sözleri hem gepleşigiň dowamynda aýratyn orun aldy.

Bahar PIRLEKOWA,
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.