16 tonnalyk hazyna tapyldy

16 Iýun 2024
190

Hytaýda 16 tonnalyk hazyna tapyldy. Has takygy, arheologlar töweregini terrakota söweşijileri gurşap duran Hytaý imperatory Sin Şihuandiniň mawzoleýiniň golaýyndaky gonamçylykda gazuw-agtaryş işlerini geçirip, ol ýerde uly tabydyň üstüni açdylar.

16 metr çuňlukdan tapylan tabydyň içinde ýaragdyr sowut, altyndan we kümüşden ýasalan bir jübüt düýe heýkeli, aşhana gap-gaçlary, şeýle-de alty müň sany bürünç teňňe bar eken.

Taýýarlan: Agatoýly ALLABERDIÝEW,
TDBGI-niň talyby.