Köňülleriň şahyry

17 Iýun 2024
352

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hem türkmen nusgawy edebiýatymyzy ösdürmekde uly mekdepdir. Şahyryň döreden eserleri biz üçin gymmaty egsilmejek ruhy hazynadyr. Şonuň üçin Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň goşgulary ýaşlary terbiýelemekde gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär.

Şu ýyl ― Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda oňa bagyşlanan edebiýat agşamlary, döredijilik adamlary bilen duşuşyklar yzygiderli guralýar. 14-nji iýunda hem Gündogaryň beýik akyldarynyň paýtagtymyzdaky ýadygärliginiň ýanynda «Magtymguly Pyragy ― köňülleriň şahyry» atly ýazyjy-şahyrlaryň dabaraly döredijilik duşuşygy geçirildi. Ony Aşgabat şäheriniň häkimligi gurady.

Ýörite habarçymyz.