Türkmen halkynyň umumadamzat gymmatlyklaryna uly goşant goşan taryhy-medeni mirasy, milli däp-dessurlary, gadymy sungaty, senedi bar. Garaşsyzlyk ýyllarynda gaýtadan dikeldilen milli gymmatlyklarymyzyň ählisine Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özboluşly öwüşgin çaýyldy.
Halkymyz her ýyl Gurban baýramyny uly ruhubelentlikde belleýär. Gurbanlykda beýik Allanyň razylygy üçin halal gazançdan mal soýulýar, dürli tagam-naharlar bişirilip, dogan-garyndaşlar bir supranyň başyna jemlenýär.