«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024
Häzirki wagtda tomus paslynyň şatlykly günlerini başdan geçirýän bagtyýar nesillerimiziň mynasyp dynç alyşlaryny, wagtlaryny peýdaly geçirişlerini synlanyňda mizemez durmuş hakykatlary bilen ýene bir ýola ýüzbe-ýüz bolýarsyň. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny hoşlukda geçirýän çagalaryň şatlygyny synlanyňda, hormatly Prezidentimiziň çagalar barada döwlet derejesinde edýän çäksiz aladalarynyň öz miwesini bolluk bilen eçilýändigini görmek bolýar. Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň körpeleriň tomusky dynç alyş möwsümini talabalaýyk guramak babatdaky talaplary hemişe baş ýörelge, ugur görkeziji bolup durýar. Şonuň üçinem bu ýerlere ýurdumyzyň çar künjeginden gelýän çagalar bilen işleşmekde TKA-nyň Balkan welaýat, etrap-şäher birleşmeleri tarapyndan ýörite meýilnamalar düzülip, şu meýilnamalarda çagalaryň dynç alyşlaryny täsirli, ýatda galyjy, peýdaly bolmagy babatda hemmetaraplaýyn aladalar edilýär. Iş meýilnamalaryny durmuşa geçirmekde sagaldyş merkezlerinde zerur şertleriň barlygy, şeýle-de sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin zerur mümkinçilikleriň döredilendigi guwandyryjydyr.