Dubaýda «Aeternitas» sagady berkidilen kaşaň gökdirän gurlar. Binanyň gurluşygynyň 2027-nji ýylda tamamlanmagyna garaşylýar. Ýaşaýyş jaýy hökmünde guruljak binadaky 1 otagly öýüň bahasy 435 müň dollara deň bolar. «Aeternitas» gökdiräni dünýäniň iň belent sagatly ýaşaýyş diňi bolar. Beýikligi 450 metre deň bolan bu gökdirän Beýik Britaniýadaky «Big-Benden» dört esse beýik, ABŞ-daky iň beýik ýaşaýyş jaý binasy «Central Park Towerden» 22 metr gysga bolar.
Mundan başga-da, bu bina Mekgedäki «Makkah Clock» diňinden soň dünýäniň ikinji beýik sagatly gökdiräni bolar. Emma ondan tapawutlylykda, «Aeternitas» gökdiräninde ýaşaýyş öýleri bolar. Gökdiräniň taslamasy Dubaýda ýerleşýän «London Gate» we Şweýsariýanyň nepis sagatlary öndüriji «Frank Müller» kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijesidir. Binadaky sagadyň beýikligi 40 metre, ini 30 metre ýeter, bu bolsa 6 kilometr uzaklykdan sagady görmäge mümkinçilik berer.