«Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda gurmak, döretmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda örän uly işler alnyp barylýar. Geçen ýylyň tomsunda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylmagy täze taryhymyzyň şöhratly wakalarynyň birine öwrüldi. Arkadag şäherini döwrebap derejede ösdürmek ugrunda edilýän tagallalaryň netijesinde, bu şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy boýunça işler alnyp barylýar.
Täze tapgyrda ekologiýa taýdan arassa önümçiligiň ýola goýulmagy göz öňünde tutuldy. Şonuň netijesinde lukmançylyk klasterini döretmek babatda uly işler durmuşa geçirildi. Täze şäheriň lukmançylyk klasterine degişli önümçilik desgalarynda öndürilmegi meýilleşdirilýän lukmançylyk serişdeleriniň, enjamlarynyň görnüşleri, olary taýýarlamakda ulanylmagy göz öňünde tutulýan ýerli çig mal serişdeleri üçin dürli işler alnyp baryldy. Ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän pamyklar, dokalmadyk matadan taýýarlanan bir gezeklik agyz-burun örtükleri, başgaplar, halatlar, ýorgan-düşek daşlyklary, aýakgap örtükleri, hassahanalar üçin zerur bolan dürli enjamlaryň öndürilmegi göz öňünde tutulýar.