Täzelenmesi kyn rekordyň eýesi boldy

7 Iýun 2024
254

Rus­si­ýa­nyň «Ros­kos­mos» döw­let kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň kos­mo­nawt­la­ry­nyň ser­ker­de­si Oleg Ko­no­nen­ko­nyň kos­mos gi­ňiş­li­gin­de bo­lan wag­ty 1000 gün­den ge­ç­di. Şeý­le­lik­de, ol kos­mos gi­ňiş­li­gin­de iň köp wagt ge­çi­ren hem-de kosmosda 1000 gün­den köp bo­lan adam hök­mün­de tä­ze­len­me­si kyn re­kor­da eýe bol­dy. Kos­mo­nawt­la­ryň ser­ker­de­si ge­çen ýy­lyň sent­ýab­ryn­da bä­şin­ji uçu­şy­ny ama­la aşy­ryp­dy. 4-nji few­ral­da ol rus ko­mo­naw­ty Gen­na­diý Pa­dal­ka de­giş­li bo­lan 878 gün­lük re­kor­dy tä­ze­le­di. Kos­mo­nawt mis­si­ýa­sy­ny ta­mam­lan wag­ty onuň kos­mo­da bo­lan wag­ty je­mi 1110 gü­ne ýe­ter.

1964-nji ýy­lyň 21-nji iýu­nyn­da Türk­me­na­bat şä­he­rin­de dün­ýä inen Oleg Ko­no­nen­ko 2008-nji ýy­lyň ap­re­lin­de il­kin­ji kos­mos sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy. Türk­me­nis­ta­nyň we Rus­si­ýa­nyň Gah­ry­ma­ny ady­na eýe bo­lan Ko­no­nen­ko­nyň hä­zir­ki kos­mos mis­si­ýa­sy 23-nji sent­ýabr­da ta­mam­la­nyp, bir ýyl­dan gow­rak do­wam eder.