Diýarymyzda bir bitewi halkalaýyn energiýa ulgamy emele geldi

7 Iýun 2024
244

Ir­den hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz da­ba­ra­nyň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne gel­di. Hem­me­ler uly ru­hu­be­lent­lik bi­len Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zy mü­bä­rek­le­ýär­ler. Sun­gat us­sat­la­ry­nyň joş­gun­ly aý­dym-saz­ly kom­po­zi­si­ýa­sy baý­ram­çy­lyk şow­hu­ny­ny has-da art­dyr­ýar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz da­ba­ra üçin ýö­ri­te taý­ýar­la­nan zal­da tä­ze elekt­roe­ner­ge­ti­ka des­ga­la­ry­nyň işe gi­ri­zil­me­gi my­na­sy­bet­li da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ryň öňün­de çy­kyş et­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da ýur­du­myz­da he­re­ket ed­ýän bi­te­wi ener­gi­ýa ul­ga­my­ny hal­ka­la­ýyn bir­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, Bal­kan–Da­şo­guz ug­ry bo­ýun­ça ýo­ka­ry wolt­ly as­ma elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­niň we elekt­rik be­ket­le­ri­niň açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le hem Da­şo­guz şä­he­rin­de bi­na edi­len döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý­la­ry da­ba­ra­ly ýag­daý­da açy­lyp ulan­ma­ga ber­ler. We­la­ýa­tyň ila­ty­na ýo­ka­ry hil­li hyz­mat et­jek tä­ze 200 sa­ny ýo­lag­çy aw­to­bu­sy­ny hem sow­gat hök­mün­de gow­şu­ra­rys di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy we hem­me­le­ri bu şat­lyk­ly wa­ka­lar bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.