Durmuşymyzyň dowamaty

6 Iýun 2024
250

Täsinliklerden doly çaga dünýäsiniň görkanalygyny artdyrmak, olaryň bigam dünýäsinde şatlykly pursatlaryň köp bolmagyny gazanmak biz, ululara bagly bolup durýar. Sebäbi bu günki körpeje — ertir ýurdumyzyň gülläp ösmegi üçin mynasyp işleri durmuşa geçirmeli uly adam. Şonuň üçinem ýurdumyzda çaganyň irki ösüşinden başlap, olaryň sagdyn, bilimden paýly, sungatda, sportda ukyp-başarnyklaryny görkezmek mümkinçiliklerine eýe bolmaklary babatda ähli şertler döredilýär. Bu aýdylanlaryň mysalyna durmuşymyzyň her bir gününde hem şaýat bolýarys.

Häzirki wagtda Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy, Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy, Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri, esasanam, BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Ýurdumyz bu iri halkara guramasynyň Konwensiýalarynyň birnäçesine goşulmak bilen, halkara ynsanperwer hukugyndan gelip çykýan borçnamalaryny üýtgewsiz berjaý edýär.

Jennet ALLANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.