Metbugat — döwrüň aýnasy

6 Iýun 2024
305

“Metbugat — döwrüň aýnasy” diýilýär. Bu hakykatdan hem şeýle. Döwürleýin metbugatdan, gazet-žurnallaryň sahypalaryndan Watanymyzyň gündelik durmuşynda bolup geçýän habarlar, taryhy wakalar, dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler bilen tanşyp bolýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň döwürleýin neşirlerine üstümizdäki ýylyň ikinji ýarymy üçin abuna ýazylyşygyna etrabymyzyň ýaşlary aýratyn ähmiýet berýärler. Ýaşlaryň aglabasy gazetdir žurnallaryň çap edilýän görnüşine, şeýle-de elektron görnüşine irki möhletde ýazyldylar.

“Ahal durmuşy”, “Türkmenistan”, “Arkadag”, “Nesil” gazetleri, “Zenan kalby” žurnaly biziň söýgüli neşirlerimiz bolup durýar. Bu gezek hem ilkinji nobatda şol neşirlere ýazyldyk. “Türkmenmetbugat” mobil goşundysynyň “Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri” bukjasyna ýazylan ýaşlaryň sany has-da köp. Biz hem söýgüli neşirlerimizde etrabymyzyň ýaşlarynyň durmuşynda bolup geçýän wakalary beýan edýän habarlarymyzdyr makalalarymyz bilen çykyş edip durarys.

Rejepgeldi ATAJANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.