Döwletlilik dabarasy

5 Iýun 2024
266

Her ýylyň 1-nji iýunynda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onda bu ýerde terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyz boýunça geçirilýän çäreler Türkmenistanyň adam hukuklaryny, hususan-da, ýagty geljegimiz bolan çagalaryň bähbitlerini goramakda, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda, hemmetaraplaýyn üns-alada bilen gurşap almakda nusgalyk işleri durmuşa geçirýändigini görkezýär.